Türkmenistan raýatlary üçin ýolagçylara
hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek we howa ulag hyzmatlarynyň
elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy öz
maglumat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýär. Bu
başlangyçlaryň möhüm bölekleriniň biri — degişli edaralaryň sorag-jogap
gulluklaryna elýeterliligi üpjün etmekdir.
Raýatlaryň amatlylygy üçin ähli sorag-jogap
gulluklarynyň telefon belgileriniň sanawy bir ýere jemlenildi. Bu aragatnaşyk
belgileri uçuşlar we degişli hyzmatlar bilen baglanyşykly meseleleri çalt
çözmäge kömek eder:
«Türkmenistan»
awiakompaniýasy» AGPJ — 23-03-18; 23-03-15;
37-84-52; 37-84-32.
Aşgabat halkara howa menzili — 085.
Türkmenbaşy halkara howa menzili — 8-243-3-00-10.
Balkanabat halkara howa menzili —
8-222-9-39-36; 8-222-9-39-37.
Mary halkara howa menzili — 8-522-6-70-06; 8-522-5-27-77.
Daşoguz halkara howa menzili — 8-322-9-16-00;
8-322-9-15-00; 8-322-9-12-21; 8-322-9-11-58.
Türkmenabat halkara howa menzili — 8-422-9-45-05.
Kerki halkara howa menzili — 8-444-2-59-99; 8-444-2-59-55.
Howa gatnawlarynyň Baş gullugy — 39-17-17.
«Laçyn» myhmanhanasy — 23-86-61; 23-86-62; 23-70-46.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan
mekdebi —
23-56-05.
Soňky
ýyllarda "Türkmenhowaýollary" döwlet gullugy ýolagçylara hyzmat
proseslerine häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýar we raýat
awiasiýasy babatda dünýä ülňülerine laýyk gelmäge çalyşýar.
Degişli edaralaryň hünärmenleri yzygiderli goşmaça okuwlary geçirip, hünär
derejesini ýokarlandyrýarlar we müşderiler bilen aragatnaşygy gowulandyrýarlar.
Bu bolsa ýüze çykýan meseleleri tiz çözmäge we ýolagçylara iň amatly şertleri
döretmäge mümkinçilik berýär.