Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy 7 aýyň meýilnamasyny 123,9 göterim berjaý etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum boýunça öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,9 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Pudaklar boýunça seredilende, Gurluşyk we binagärlik ministrliginde meýilnama 103,9 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde 127 göterim, Energetika ministrliginde bolsa 108,9 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem Awtomobil ýollary ministrligi bellenen meýilnamany 108,3 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni 135 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi bolsa 127,5 göterim amal etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak üçin netijeli çäreleri görmegiň hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşygyny we hil ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze binalaryň hem-de desgalaryň ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem