Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda Aşgabatda we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri dabaraly guralar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat beripdi. Iki dostlukly ýurduň döredijilik we ylmy gatnaşyklaryny täze sepgitlere ýetirjek bu medeni çäräniň ähli meýilnamalary iýun aýynyň meýilnamasyna laýyklykda doly amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara Habarlar Merkezi habar berdi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 5-nji iýunda sagat 17:30-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar. Şol gün «Aşgabat» kinoteatrynda «Tagyýew: Nebit» (10:00) we «Jennet hakynda arzuw» (13:00) atly azerbaýjan filmleri tomaşaçylara ýetiriler. Şeýle hem sagat 15:00-da Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň dürdänesi» atly ýöriteleşdirilen sergi öz işine başlar.

6-njy iýunda çäreleriň gerimi ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadagda dowam eder. Bu ýerde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň alymlarynyň gatnaşmagynda Döwletmämmet Azadynyň we Seýit Ezim Şirwanynyň mirasyna baglyşykly ylmy maslahat guralar. Mundan başga-da, şäher muzeýinde «Azerbaýjan — obýektiwden taryha» atly fotosergi açylyp, agşam sagat 18:00-da Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki ajaýyp konserti bolar.

Medeni çäreleriň jemleýji güni bolan 7-nji iýunda «Aşgabat» kinoteatrynda meşhur «Arşyn mal alan» (10:00) hem-de «Gadyrly toprak» (13:00) filmleri görkeziler. Sagat 16:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň we Molla Penah Wagifyň söz sungatyna bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri şol agşam sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde guraljak ýapylyş dabarasy bilen resmi taýdan tamamlanar.

Şeýle hem