Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 25-nji maýynda daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebit direktory Erfan Ali bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri bilen bagly pikir alşyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitat-yň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hukuk binýadyny döredendigi bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy 2026–2030-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň we hödürlemegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem taraplar geljekde geňeşmeleri guramak hem-de amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.