Aşgabatda BMG-niň täze Kararnamasyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda 23-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlary, halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Halkara maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurduň diplomatik wekilleri we daşary ýurtlaryň ilçileri çykyş etdiler. Ministr öz çykyşynda täze Kararnamanyň dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny goldaýandygyny subut edýändigini belläp, bu ugurdaky başlangyçlaryň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda Kararnamada bellenen birnäçe möhüm tekliplere, şol sanda Türkmenistanda Akademiki merkezi we Parahatçylyk ugrunda Araçylyk edarasyny döretmek hem-de bitaraplyk boýunça Gollanma taýýarlamak ýaly başlangyçlara aýratyn üns çekildi. Şeýle hem dünýäde parahatçylykly dialogy durnukly saklamak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjynyň ähmiýeti barada nygtalyp, Türkmenistanyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň sebitde we dünýäde durnuklylygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Şeýle hem