Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasynda çykyş etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji aprelde «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasynda çykyş etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

“Häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berýäris.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

“Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ýakynda biziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklary geçirip, möhüm ylalaşyklary gazandyk. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikleri geçirdik” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem