Lebap welaýatynda Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy açylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 10-njy aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýatyny 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde döwrebap orta mekdepleriň 11-si, çagalar baglarynyň 2-si gurlup ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň ilatynyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerli derman senagaty önümçilikleriniň kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda özgertmeler amala aşyrylýar. Sebitde ýokary netijeli sporty, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, dünýä çempionatlaryna, iri halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda hereket edýän bilim edaralarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hereket edýän saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi üns merkezinde saklamagy, sport desgalaryny netijeli ulanmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem