Lebap welaýatynda 2026-njy ýylda 8 sany täze desga açylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 10-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýylda Lebap welaýaty boýunça binalaryň we desgalaryň 8-siniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Olary bellenilen möhletinde, ýokary hilli gurup ulanmaga bermek maksady bilen, gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Welaýatyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan täze elektrik beketlerini hem-de geçirijilerini gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilnamalaýyn işler geçirilýär. Awtomobil ýollary ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan welaýatyň döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollarynda, olaryň ugrunda bar bolan köprülerde, obalaryň, şäherçeleriň köçelerinde we ýanýodalarynda bellenilen meýilnamalara laýyklykda abatlamak, durkuny täzelemek işleri geçirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan oba hojalyk pudagyny zerur bolan fosforly dökünler bilen üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşyk işleri dowam edýär. Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny taslama kuwwatyna çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň himiýa we gurluşyk kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, welaýatda täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere welaýatda şu ýyl gurluşygy tamamlanmaly binalaryň we desgalaryň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini, sebitiň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işini dowam etdirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem