Türkmenistan we Hytaý strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar: hökümetara komitetiniň mejlisine taýýarlyk

10-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde daşary işler ministri R.Meredow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlary bolup durýan döwletler bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyz bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösmeginde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparyna uly orun degişlidir. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda Pekin şäherine dostluk saparyny amala aşyrdy. Şol saparlaryň dowamynda ýurdumyz bilen HHR-iň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça möhüm netijeler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň çäklerinde ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda ulgamlaýyn işleri dowam etdirmek we bu komitetiň işini ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu komitetiň düzümine girýän 6 sany kiçi komitetiň mejlisleri hem özara ylalaşyk esasynda yzygiderli geçirilýär. 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Aşgabatda Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisi, şol ýylyň 3-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň sekizinji mejlisi, 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Pekinde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň dokuzynjy mejlisi, 9-njy aprelde Ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň ikinji mejlisi sanly ulgam arkaly geçirildi. Şu ýylyň ikinji ýarymynda Energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiň onunjy mejlisini, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň üçünji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasynda özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Bu babatda taraplar kiberhowpsuzlygy, biohowpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärler. Energetika ugrunda hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ara alnyp maslahatlaşylýan we strategik taýdan ähmiýetli gaz känlerini özleşdirmek boýunça täze taslamalar ileri tutulýan ugur hasaplanýar.

Ulag ulgamyndaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda hytaý tarapy bilen ýurdumyzyň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine serediler. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşýändigi bilen baglylykda, logistika ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek aýratyn möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ileri tutulýan Hytaý — Türkmenistan — Hazar deňzi — Ýewropa we Türkmenistan — Hytaý — Günorta we Gündogar Aziýa — Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri ugurlary boýunça ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Aragatnaşyk ulgamynda iki ýurduň arasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy, sanly ulgama geçmek işini dowam etdirmek meselesine serediler. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, emeli aň ugrunda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem ileri tutulýan ugur bolar. Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklary ilerletmek babatda-da giň mümkinçilikler bar. Bilim, ylym-tehnika ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işini, amaly çözgütleri ornaşdyrmak babatdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem ähmiýetli ugur hasaplanýar.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleriniň esasynda degişli Teswirnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, birnäçe resminama taýýarlanylýar. Mejlisiň işiniň netijeleri boýunça gol çekmek üçin käbir beýleki resminamalar öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolandygyny, şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Şeýle hem