Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa häzirki döwürde “Jahan” döredijilik merkezini we Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň barşy barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň otaglaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, bu ýerde asman jisimlerini ylmy esasda öwrenmäge niýetlenen obserwatoriýanyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle-de asman jisimlerini synlamak üçin ýörite teleskopyň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. “Jahan” döredijilik merkezinde fitnes zalyny, köp sanly daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen lingafon otaglaryny, beýleki ýöriteleşdirilen ders otaglaryny döretmek, üsti açyk we ýapyk sport zallaryny gurmak, çagalara dizaýn, marketing ugurlary boýunça bilim bermek meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalar üçin hem ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün ediler.

Soňra haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Rejep Bazarow häzirki döwürde Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işleri, Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk hem-de bezeg işleri barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz paýtagtymyzdaky metjidi döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde onuň namaz okalýan ýeriniň giňeldilendigini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, bezeg serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjanda dost-doganlygyň nyşany hökmünde gurulýan metjidiň bezeg işleri amala aşyrylanda, ýerli ilat bilen maslahatlaşyp, olaryň islegleriniň öwrenilmelidigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Nygtalyşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa geçirilen çagalara degişli dikeldiş işleri ýola goýuldy. Şeýle hem ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň, dostlukly ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gelmegine görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň alyp barýan asylly işiniň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, bu ugurda ýola goýlan halkara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Lukman Arkadagymyz Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu ugurda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de öz maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem