Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri kemala getirmek, bilim işiniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz degişli Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Arslan Gurbannazarow Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellenildi, Baýram Taňryberdiýew Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenildi. Aknabat Atabaýewa bolsa, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.