Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy çärýek meýilnamasyny 14,1 göterim artyk ýerine ýetirdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 108,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden doly güýjünde peýdalanmagy tabşyrdy.

Şeýle hem