Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginde önümçilik meýilnamasy 3,3 göterim artyk ýerine ýetirildi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim ösüş gazanyldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 7 müň 132 şertnama hasaba alyndy.

2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 2 sergi, 5 maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem