Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy çärýek meýilnamasyny 28,2 göterim ýokarlandyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow 3-nji aprelda hökümetiň mejlisinde gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,4 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 116,4 göterim amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

 

Şeýle hem