Türkmenistanda üç aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

 

Şeýle hem