Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 3-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.