Türkmenistan Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň nobatdaky sekizinji forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň wekilleri “Merkezi Aziýa – ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi” atly Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň sekizinji forumyna gatnaşdylar. Çäre 14-15-nji awgustynda Daşkent şäherinde geçirildi.

Gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegine garadylar we köptaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek üçin anyk çäreleri maslahatlaşdylar.

Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktory Eldor Aripow forumy açmak bilen Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin “täze pikirler döretmek laboratoriýasyna” öwrülýändigini belledi.

“Täze Merkezi Aziýa: sebit hyzmatdaşlygynyň arhitekturasyny kämilleşdirmek” atly forumyň birinji bölümçesiniň çäginde Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň bilermeni Bekdurdy Amansaryýew çykyş etdi. Ol häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň diňe bir geografiki sebit däl, eýsem syýasy dialog, ykdysady integrasiýa we ynsanperwer ýakynlaşmak üçin döreýän giňişlikdigini belledi.

Türkmen bilermeni Türkmenistanyň sebitiň ösüşine möhüm goşant goşýan ugurlary, ýagny parahatçylyk we howpsuzlyk, ulag-logistika arabaglanyşygy, energetika, suw meselesi, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi.

B.Amansaryýew çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşda durmagy aňlatman, eýsem parahatçylyk döredijilikli başlangyçlar üçin platforma bolup hyzmat edýändigini belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletleri bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge, gepleşikleri ösdürmäge hem-de adalatly we durnukly sebit integrasiýasynyň täze modeliniň emele gelmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklaýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem