Aşgabatda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

15-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmekde özara gyzyklanma bildirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem