Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy awgustda Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýji bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçdi.
Söhbetdeşlik Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda alnyp baryldy. Taraplar döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.