Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy awgustda BMG-niň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Fatu Haýdara bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşdylar. Senagatlaşma we akylly şäher ösüşi pudagyndaky “ýaşyl çemeleşme” babatynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Arkadag şäherine berlen UNIDO-nyň minnetdarlyk şahadatnamasynyň durnukly senagat ösüşiniň we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň gazanylmagynyň çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işlerine berilýän ýokary bahany alamatlandyrýandygy bellediler.
Taraplar UNIDO-nyň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.