Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuny kabul etdi.
Yurdymyzyň baştutany Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär diýip aytdy. Ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň özara hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
“Biz soňky gezek şu ýylyň iýunynda Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammitiň çäklerinde netijeli gepleşikleri geçirdik. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki üstünlikli özara hereketleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Taraplar Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň oňyn mysaly hökmünde görkezdiler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gezekki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuna berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.