Türkmenistanyň Gahrymany Arkadag Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyndaky çykyş etdi. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

«Türkmenistanyň halkynyň adyndan Sizi tüýs ýürekden mübärekleýärin we Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Bu ýokary wekilçilikli forumyň çäklerinde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmegi teklip etdik. Bu başlangyjy goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Munuň özi biziň pikirlerimiziň umumydygyny, raýdaşlygymyzy, doganlyk ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini, olaryň ösüşiň uly wezipelerini çözmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda goňşy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, öz nobatynda, munuň özüniň köptaraply gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemegiň we döretmegiň zerurdygyny şertlendirýändigini nygtamak isleýärin. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary şolaryň biridir. Häzirki wagtda şu duşuşyklar sebitiň her bir ýurdunda yzygiderli geçirilýär», - diýip, Gahryman Arkadagymyz aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belläp geçişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýokary derejä çykaryldy. Şunuň netijesinde biz öz öňümizde uzak möhletleýin döwür üçin bilelikdäki wajyp we anyk wezipeleri goýup, iri taslamalaryň başyny başlap, özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitläp bilýäris.

«Munuň diňe bir biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit proseslerine örän netijeli täsir etjekdigine, Merkezi Aziýanyň, goňşy döwletleriň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çalt ýakynlaşmagyna, uly maýa goýumlary, täze tehnologiýalary, bilimleri çekmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn», - diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli we maksada okgunly pugtalandyrmak şu formatyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar, diýip, bu babatda geljegiň örän uludygyny hem-de kuwwatlyklaryň birleşdirilmeginiň, umumy serişdeler, geografik, önümçilik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagynyň diňe bir milli ykdysadyýetleriň ösmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady arhitektura düýbünden täze many-mazmun we häsiýet bermäge ýardam etjekdigini belläp geçdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine buýsanmaga haklydyrys. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak şol gatnaşyklaryň esasy häsiýetleridir. Biziň mundan beýläk-de bilelikde işlemegimiz üçin özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň, giň ugurlaryň bardygyna ynanýaryn”, - diyip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdyp geçdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr' elektron gazeti

Şeýle hem