Türkmenistan we Estoniýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürerler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýanyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler. Sanlylaşdyrma pudagynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildiler.

Diplomatlar halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝB-niň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Mariin Ratnik BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini nygtady.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we bitarap syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk bellenildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem