Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Häzirki wagtda bugdaý oragyndan boşan meýdanlary hem-de oba hojalyk tehnikalaryny indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär.

Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Häkimler Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary jemlemek bilen, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Serdar Berdimuhamedow pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýat häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem