Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzakmöhletli häsiýete eýedir we deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk gatnaşyklaryna daýanýandygy bellenildi. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem