Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaý bilen bagly daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwer kömegini berýär

Ýakyn Gündogarda dörän ýagdaý bilen baglylykda, daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden howpsuz geçmegini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Eýran bilen serhetde ýerleşýän gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedini Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň raýatlary geçdiler. Olar dörän ýagdaý sebäpli Eýranyň çägini terk etmäge mejbur boldular.


Ýaşaýan ýerlerinden ewakuirlenen raýatlary ulag bilen üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn ulag ulgamy ýola goýuldy. Howa gatnawy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli we halkara awiakompaniýalarynyň uçuşlaryny utgaşdyrmagyň üsti bilen amala aşyrylýar. Özbegistanyň we Täjigistanyň raýatlaryna demir ýol pudagynda ýörite «Aşgabat – Türkmenabat» ugry boýunça otly gatnawlary ýola goýuldy. Daşary ýurtly raýatlary olaryň wagtlaýyn ýerleşdiriljek ýerlerine eltmek üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglar hereket edýär. Şeýlelikde, raýatlary netijeli ewakuirlemek we ýerleşdirmek maksady bilen ulagyň ähli esasy görnüşleriniň sazlaşykly işlemegi ýola goýuldy.

Ähli üstaşyr ýolagçylara günüň dowamynda üç gezek gyzgyn nahar, myhmanhanalarda ýerleşdirilmek, lukmançylyk hyzmatlary, ilkinji zerur harytlar we ulag bilen üpjünçilik ýaly ýokary derejeli hyzmatlar hödürlenilýär.


Halkara awiakompaniýalar bilen utgaşykly işlere aýratyn üns berilýär. Ugruny üýtgeden FlyDubai (BAE), Jazeera Airways (Kuweýt), S7Airlines (Russiýa Federasiýasy) we beýleki awiakompaniýalaryň uçarlaryna olaryň ekipažlaryna we ýolagçylaryna üçin ähli zerur şertler bilen üpjün etmek bilen Türkmenistanyň howa menzillerinde dessine gonmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistan halkara awiakompaniýalary, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalary hem-de halkara guramalary bilen ulag amallaryny mundan beýläk utgaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlgy dowam edýär.

Şeýle hem